Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Ministr Çawuşoglynyň Siriýa baradaky beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Siriýanyň hökümetiniň hüjümleriniň Soçi ylalaşygyna bap gelmeýändigini beýan edendigini ýazýar. Habarda Çawuşoglunyň düýn Twitter arkaly beren habarnamasynda Siriýanyň Gepleşikler toparynyň başlygy Nars Al Hariri bilen aldyran suratyny goýup : “Hökümete degişli güýçleriň hüjümleri Soçi ylalaşygynyň kadalarynyň aç-açan bozulmagydyr we Astana ruhuna bap gelmeýär. Konstitutsiýa topary boýunça ylalaşyga ýakynlaşdyk” dýendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Watan” gazeti “Türk Akymda ak akymy 31-nji dekabrda” söz başyly habarynda, Russiýanyň Açyk paýdarlar jemgyýeti Gazpromyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Witaliý Markelowyň Türk Akym turba geçiriji taslamasynda 31-nji dekabrda gaz akdyrylmaga başlanmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdandygyny ýazýar. Habarda rus gazyny Türkiýä we Ýewropa akdyrjak Türk Akym tebigy gaz turba geçirijisiniň her biri ýylda 15,75 milliard m3 göteriş ukybyna eý ebolan iki ugurdan ybaratdygy mälim edilýär.

“Hürriýet” gazeti “Uly artyşa garaşylýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Syýahat gulluklary bileleşiginiň Başlygy Firuz Baglykaýanyň Muglanyň Bodrum etrabynyň dünýäde bilinýän syýahatçylyk merkezlerinden biridigini beýan edip, daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň artmagyna garaşýandyklaryny aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe gidroelektrikde dünýä sanawynda ýokarlaýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň geçen ýyl 1085 megawatlyk täze gidroelektrik güýje eýe bolan täze beketleri bilen dünýä sanawynda 4-nji orny eýeländigine ünsleri çekýär. Gazet geçen ýyl 48 ýurduň jemi 21,800 megawatlyk täze gidroelektrik energiýa üpjünçiligine eýe bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Žennifer Lopez Antalýada konsert berer” söz başyly habarynda, latyn aýdym-sazynyň dünýä belli wekillerinden Žennifer Lopeziň 6-njy awgustda Antalýanyň Serik etrabynda konsert berjekdigini mälim edýär.



Degişli Habarlar