Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdoganyň möhüm söhbetdeşlikleri” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Azerbaýcanyň döwlet Ýolbaşçysy İlham Aliýew we Özbegistanyň döwlet Ýolbaşçysy Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny ýazýar. Gazet Prezidentiň Diwanyndan alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliklerinde özara we sebitara meseleler barada pikir alyşyldy.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Çawuşoglynyň S-400 baradaky beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamynyň yza süýşürilmeginiň ýa-da bes edilmeginiň gün tertibinde bolmandygyny aýdandygyny mälim edýar. Habarda Çawuşoglynyň S-400-iň gowşurlyş möhletiniň yza süýşürilcekdigi baradaky myş-myşlaryň hakykaty beýan etmeýandigini nygtap; “Yza süýşürmek ýa-da bes etmek gün tertibinde däl. Ylalaşyk tamamlandy, näme üçin yza süýşürilsin” diýendigi nygtalýar.

“Star” gazeti “Daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 24 göterim artdy” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň aprel aýynda Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň 24 göterim ýokarlandygyny nygtap, esasy syýahatçylaryň 48 göterim bilen Germaniýadan gelendigini aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Ter gök we miwe önümleriniň eksportynda Russiýa birinci orny eýeleýär” söz başyly habarynda, Türkiýeden ýylyň dört aýynda 118 ýurda 622,4 million dollarlyk ter gök we miwe önümleriniň eksport edilendigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet bellenen döwürde Russiýa 184,1 million dollarlyk eksport edilendigine ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “Marokkoda türk seriallaryna uly gyzyklanma” söz başyly habarynda, Marokkoda görkezilýän türk seriallarynyň reýting sanawynda iň ýokarky hatarda durýandygyny mälim edip, ýurtdaky ýerli teleýaýlymlaryň reýting derecelerini ölçeýän Marok Metri atly guramadan berilen beýannama görä hökümete tabynlykdaky “Kanal 2” teleýaýlymynda berilýän “Meni Bagyşla” atly türk serialy oraz aýynda iň köp tomaşa edilenleriň hatarynda üçünci orny eýeleýär.



Degişli Habarlar