Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Çawuşogly: S-400-iň ygtyýary Türkiýede bolar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Latwiýa guraýan resmi saparynyň çäginde kardeşi Edgards Rinkewiks bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda S-400 raketa goranyş ulgamy barada beýanat berendigini ýazýar. Gazet ABŞ-nyň S-400-iň F-35-ä howp emele getirýändigi baradaky garaýyşyna jogap beren Çawuşoglynyň: “Biz aç-açan beýan etdik. Bu ulgam dolulygyna biziň gözegçiligimizde bolar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Putin: türkler bilen işleşmek has ýeňil” söz başyly habarynda, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň ABŞ-nyň we käbir Ýewropa döwletleriniň bökdemek üçin dürli ýollara baş goşýandygyna garamazdan gurluşygy dowam edýän rus tebigy gazyny Ýewropa akdyrjak “Demirgazyk Akym 2” tebigy gaz turba geçirijisi barada beren beýanatynda Türk Akyma ünsi çekendigini ýazýar. Gazet Putiniň “Türkler bilen işleşmek ýewropalylar bilen işleşmek has ýeňil. Prezident R.T.Erdogan karar kabul edýär we ony iş ýüzüne geçirýär” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Mudiz türk ykdysadyýetiniň güýçli taraplaryny beýan etdi” söz başyly habarynda, Halkara kredit derejelendiriş guramasy Mudiziň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlarynyň howplar boýunça direktory İwe Lemaýyň Britaniýanyň paýtagty London şäherinde geçirilen Mudiziň Ösýän bazarlar maslahatynda türk ykdysadyýetiniň güýçli taraplary barada durup geçip; “Türkiýäniň ykdysady diwersifikasiýasy, ululygy, ýaş el güýji we hökümetiň balans tabeli ykdysadyýetiň güýçli taraplaryndan käbirleri” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaý satuwy aprel aýynda ýokarlady” söz başyly habarynda, ýylyň birinji çärýegindäki ösüş depginini aprel aýynda-da dowam etdiren daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaý satuwynyň 4 aýda 13,338-e ýetendigini ýazýar. Habarda geçen ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň aralygynda 7,341 sany ýaşaýyş jaýy satylan bolsa, onuň 82 göterim ýokarlandygy nygtalýar.

“Hürriýet” gazeti “İňlisler saýlady. Şu tomus Türkiýede deňizde dynç alynjak iň gowy 10 ýer” söz başyly habarynda, iňlis gazetlerinden “Telegrafyň” redaktorlarynyň 2019-njy ýylda Türkiýede deňiz kenarynda dynç alynjan 10 ýeri saýlandygyny mälim edýär. Gazet sanawda İspaniýadaky ähli bäş ýyldyzly myhmanhanalardan köp myhmanhanasy bolan Antalýanyň Kemer, Kalkan, Kaş, Alanýa, Side etraplarynda, Muglanyň Dalýan, İzmiriň Çeşme etraplaryndaky plýažlaryň we kiçi aýlaglaryň, Fethiýedäki Öli deňiziň, Bodrum ýarym adasynyň ünsleri çekýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar