Türkiýäniň Premýer ministri Ýyldyrym grek kärdeşi bilen duşuşdy

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Premýer ministri Ýyldyrym grek kärdeşi bilen duşuşdy

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Fetullahçy terror guramasy Pararlel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň Gresiýa gaçan huntaçylaryň yzyna Türkiýä gaýtarylyp berilmegi gün tertibe geldi.

Binali Ýyldyrym mesele bilen baglanşykly: "Huntaçylaryň Gresiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklara zarba salmazlygyny isleýäris" diýdi.

Gresiýanyň Premýer ministri Çipras bolsa: "Kazyýetiň berjek kararyna sarpa goýmalydyrys" diýdi.

Binali Ýyldyrym mundan başgada Kipr meselesiniň Türkiýe we Gresiýa üçin çözülmegi möhüm bolan meseleleriň biridigini belläp: "Çözgüt adalatly bolmaly. Adada ýaşaýan hem türk jemgyýetiniň hem-de grekleriň howpsyzlygyny kepil astyna aljak çözgüt tapylmaly" diýdi.

Aleksis Çipras bolsa öz gezeginde: "Kiprde adalatly we hemişelik çözgüt has hem möhüm ýagdaýa geldi. Bu mesele sebitiň howpsyzlygy taýdan hem wajyp. BMG-nyň çäginde bu meselä çözgüt tapylmagynyň möhümdigini pikir edýäris" diýdi.

 



Degişli Habarlar