"Dostlukly syýasat alyp barýarys emma ýurt, baýdak, halk meselesinde asla egilşik etmeris”

Premýer ministr Ýyldyrym Adalat we ösüş partiýasynyň Nigde şäherinde geçirlen 6-njy kongresine gatnaşdy

"Dostlukly syýasat alyp barýarys emma ýurt, baýdak, halk meselesinde asla egilşik etmeris”

 

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili we Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň günorta serhetlerinde guralan hüjümlere degişli jogabyň beriljekdigini aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym Adalat we ösüş partiýasynyň Nigde şäherinde geçirlen 6-njy kongresine gatnaşdy.

Premýer ministr Ýyldyrym kongresde eden çykyşynda “Terrorçylykly hüjümler arkaly Türkiýä zeper ýetirmek isleýänler jerimesini çeker. Dostlukly syýasat alyp barýarys emma ýurt, baýdak, halk meselesinde asla egilşik etmeris” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň milli ylalaşyklar we hyzmatdaşlyklar arkaly güýjüni birleşdirmäge we ösmäge dowam etjekdigini belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar