Diýarbakyrda iki esger şehit boldy

Diýarbakyr welaýatynyň Dijle etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-ly terrorçylar tarapyndan ozaldan duzaklanyp goýulan bombanyň partlamagy netijesinde 2 esger şehit boldy, 5 esger ýaralandy

Diýarbakyrda iki esger şehit boldy

Weleýat häkmiligi tarapyndan berilen beýanatda PKK-a garşy Dijle etrabynyň demirgazygynda alynyp barylýan operasiýada terrorçylar tarapyndan ozal ýerleşdirilen elde ýasalan bombanyň ýarylandygy habar berildi.

Beýanatda partlamada 2 esgeriň wakanyň bolan ýerinde şehit bolandygy, 2-siniň ýagdaýy agyr 5 esgeriň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Ýaralanan esgerler hassahanada bejergi astyna alyndy.


Etiketkalar: şehit , esger , Diýarbakyr , Dijle

Degişli Habarlar