Mewlüt Çawuşogly S-400 ulgamlary bilen baglanşykly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Türkiýäniň S-400 ýaly ýaraglary NATO agza bolmaýan ýurtlardan almak hukugyna eýedigini belledi

Mewlüt Çawuşogly S-400 ulgamlary bilen baglanşykly beýanat berdi

Russiýanyň paýtagty Moskwada Halkara gatnaşyklar uniwersitetinde (MGIMO) talyplara ýüzlenip çykyş eden Çawuşogly Türkiýäniň Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamlaryny almak bilen baglanşykly: “Türkiýe NATO agza bir ýurtdyr, emma biz garaşsyz bir ýurtdyrys. Alýansyň beýleki agzalary NATO-nyň daşyndaky ýurtlardan ýarag satyn alyp bilýar. Biz hem bu hukuga we özbaşdaklyga eýediris” diýdi.

Çawuşogly Türkiýäniň S-400 ulgamlaryny Siriýada we beýleki ýurtlarda ulanmajakdygyny belledi.

S-400 ulgamlary Türkiýäniň howpsyzlygy üçin aljakdyklaryny aýdan Çawuşogly: “Biz bu ulgamlary Zeýtun şahajygy operasiýasynda ýa-da şoňa meňzeş operasiýalarda ulanmarys. Sebäbi biz olary diňe öz territoriýamyzy goramak üçin ulanyp bileris” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly Mersinde guruljak Akkuýu ýadro desgasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň hem öňümizdäki aý Prezident R.T. Erdoganyň we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçiriljekdigini habar berdi.

Mewlüt Çawuşogly Erdoganyň we Putiniň açylyş dabarasyndan soň paýtagt Ankara geçip, gepleşikler geçirjekdiklerini mälim etdi.



Degişli Habarlar