Berat Albaýrak Germaniýada saparda bolýar

Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak Germaniýanyň Türkiýe üçin iňňän möhüm hyzmatdaşlardan biridigini aýtdy

Berat Albaýrak Germaniýada saparda bolýar

Berat Albaýrak Germaniýa guraýan resmi saparynyň çäginde Berlinde Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministri Peter Altmaier bilen geçiren özara duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Albaýrak Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklarynyň asyrlyk geçmişiniň bardygyny, sebitleýin we global synaglara garamazdan şu günki güne çenli güýçli ösendigini gürrüň berdi.

Türkiýe bilen Germaniýanyň arasynda soňky döwürde gatnaşyklaryň gowşandygyny nygtan Albaýrak; “Türkiýe esasanda hökümet gurlandan soň Germaniýada täze döwrüň 2017-nji ýyldan has hakykatçyl we özara bähbide laýyklykda ösmegini isleýäris” diýdi.

Berat Albaýrak Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklarynyň ähli ugurda bolşy ýaly ykdysady taýdan-da hem iňňän möhümdigine ünsi çekip; “İki ýurduň birek-biregi söwda hyzmatdaşy hökmünde esasanda 40 milliard ýewro baryp ýeten söwda mukdary bilen, Türkiýäniň importynda 2-nji, eksportynda 1-nji orny eýelemegi sebäpli GErmaniýa Türkiýe üçin iňňän möhüm hyzmatdaş” diýdi.

 



Degişli Habarlar