Erdogan NATO-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Ankara gelen NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergi kabul etdi

Erdogan NATO-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

Erdogan bilen Stoltenberg Türkiýe-NATO gatnaşyklary bilen Siriýanyň başda durmagynda sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan bilen NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg NATO agza ýurtlaryň terrora garşy arkalaşykly hereket etmeginin we tutanýerli göreşiň alnyp barylmagynyň möhümdigini nygtady.

Türkiýäniň NATO üçin esasy hyzmatdaşdygyny aýdan NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Stoltenberg,  NATO-nyň iýul aýynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahaty barada Prezident Erdogana maglumat berdi.

Prezident Erdogan bilen NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Siriýanyň hökümetiniň 7-nji aprelde Dumada himiki ýarag ulanmagy sebäpli  ABŞ, Britaniýa we Fransiýa tarapyndan şenbe güni guralan howa hüjümi barada hem pikir alyşdy we şol çäkde NATO agza ýurtlaryň terrora garşy tutanýerli göreş alyp barmagynyň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtadylar.

 


Etiketkalar: NATO , Stoltenberg , Erdogan

Degişli Habarlar