Erdogan “Ronaldomy? Messimi?” soragyna jogap berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan “Ronaldomy? Messimi?” soragyna jogap berdi

Erdogan “Ronaldomy? Messimi?” soragyna jogap berdi

Erdogan ýurdyň paýtagty Ankarada Türk awiasia we älem senagaty TUSAŞ-uň binasynda sosial mediada hem ýaýlyma berilen “Ýaşlar we tehnologiýa duşuşygy” çäresinde ýaşlar bilen duşuşdy.

Erdogan Russiýada geçirilýän 2018 FIFA Dünýä kubogy bilen bagly soraglara jogap berdi. Dünýä kobugynda haýsy ýygyndynyň üstün çykjakdygy bilen bagly soraga Erdogan: “Ilki bilen Germaniýa diýipdik, emma ýalňyşdyk. Germaniýa ilkinji duşuşykda ýeňildi. Işi biraz kynlaşdy. Güýçli diýen ähli ýygyndylarymyz häzirki wagtda ýeňilýär. Germaniýa ýeňildi, Braziliýanyň ýagdaýy ortada. Meksika üstün çykdy. Mundan soň şular ýaly dowam edermi, bilemok” diýip belledi.

Argentinaly futbolçy Lionel Messi bilen portugaliýaly futbolçy Kriştianu Rinaldony biri-biri bilen deňeşdiren Erdogan Ronaldonyň Ispaniýa bilen geçiren duşuşygyndaky oýnaýşyny öwdi.

Portugaliýanyň duşuşygyň ahyrynda Ispaniýa bilen deňme-de galsada Ronaldo haýrandygyny aýdan Erdogan: “Messimi, Ronaldomy? diýip sorasaňyz, Ronaldony tapawutly görýärin. Özem şol duşuşykda 3 gol geçirmegi has hem haýran galdyrdy. Her futbolçy bular ýaly edip bilmez. Ol duşuşykdaky netijeliligi, häsýeti, ynanjy, Palestina meselesine garaýşy bular möhüm zatlar. Şu zatlar sebäpli ony makullaýaryn” diýip belledi.



Degişli Habarlar