Hakkariniň Çukurja etrabynda 2 esger şehit boldy

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň raketa bilen guran hüjüminde 2 esger şehit boldy

Hakkariniň Çukurja etrabynda 2 esger şehit boldy

Gubernatorlyk tarapyndan berilen beýanatda Türkiýäniň wagty bilen sagat 10:30-da harby ulaglara Dolabaren Depe diýilen ýerden raketaly hüjüm guralandygy mälim edildi.

Beýanatda hüjümde 2 esgeriň şehit bolandygy, 1 esgeriň ýaralanandygy habar berildi.

Sebitde PKK-ly terrorçylara garşy howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýa dowam edýär.


Etiketkalar: PKK , Çukurja etraby , şehit , esger , Hakkari

Degişli Habarlar