Türkiýäniň Wise-prezidenti Fuat Oktaý DKTR-e sapar gurar

Wise-prezident Fuat Oktaýa saparynda Tugrul Türkeş bilen Rejep Akdag ýoldaşlyk eder

Türkiýäniň Wise-prezidenti Fuat Oktaý DKTR-e sapar gurar

Wise-prezident Fuat Oktaý ilkinji daşary ýurt saparyny 20-nji iýul Parahatçylyk we azatlyk baýramyna gatnaşmak üçin ertir Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna (DKTR) gurar.

Fuat Oktaý ýurdyň paýtagty Lefkoşadaky dabaralara we çärelere gatnaşyp, çärede Prezident Rejep Taýýip Erdogana wekillik eder.

Wise-prezident Fuat Oktaý DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy, Mejlisiň başlygy Teberrüken Uluçaý we Premýer ministr Tufan Erhürman bilen aýry-aýry duşuşyk geçirer.

Wise-prezident Fuat Oktaýa saparynda Adalat we ösüş partiýasynyň Ankara deputaty Tugrul Türkeş bilen Erzurum deputaty Rejep Akdag ýoldaşlyk eder.  



Degişli Habarlar