Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda Idlib meselesine garaldy

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda Siriýanyň Idlib şäherindäki çaknyşyksyz zolaga garşy guralýan hüjümleriň bes edilmegi babatynda Russiýa bilen gazanylan ylalaşygyň möhümdigi bellendi

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda Idlib meselesine garaldy

Prezidentiň Kompleksinde düýn geçirilen Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň umumy jarnama çap edildi.

Jarnamada: “Siriýanyň Idlib şäherindäki çaknyşyksyz zolaga garşy guralýan hüjümleriň bes edilmegi babatynda Russiýa bilen gazanylan ylalaşygyň möhümdigi bellendi” diýildi.

Siriýanyň terrordan saplanmagynyň möhümdigi bellenen jarnamada: “Siriýanyň beýleki sebitleriniň hem terrordan saplanmagy bilen bagly geçirilen işleriň dowam etdiriljekdigi tassyklandy. Siriýa krizisiniň çözgüdinde halkara jemgyýet, syýasy we ynsanperwer jogapkärçilikleri has çalt we täsirli ýagdaýda ýerine ýetirilmäge çagyryldy” diýip bellendi.

Jarnamada: “Manbijiň terror guramasyndan saplanmagy üçin baglaşylan şertnamanyň ýola goýulmagyna garaşylýar” diýildi.

Jarnamada mundan başgada: “Daşary ýurtlarda tussag edilen terrorçylaryň Türkiýäniň adalatyna boýun bolmagy, Türkiýäniň tutanýerliliginiň görkezijisidir, bu operasiýalar dowam eder” diýip nygtaldy.



Degişli Habarlar