"Siriýadaky howpsyz zolaklaryň sanyny artdyrmaga dowam ederis"

Iş sapary bilen ABŞ-na giden Prezident Erdogan Nýu Ýork şäherinde  Türk-Amerikan milli ugrukduruş komiteti tarapyndan geçirlen maslahatda türk-musulman jemgyýetine ýüzlenip çykyş etdi

"Siriýadaky howpsyz zolaklaryň sanyny artdyrmaga dowam ederis"

Ýurtlaryndaky krizisden gaçyp Türkiýä gelen siriýalylaryň 260 müňiniň watanlaryna dolanandygyny aýdan Prezident Erdogan “Soňky Idlib krizisinde bolşy ýaly ýekeje adamyň hem burnunyň ganamazlygy üçin işjeň diplomatiýa alyp barýarys we şol diplomatik tagallalar oňyn netije bermäge başlady” diýdi.

Prezident Erdogan “Inşalla geljekde Ýefrat derýasynyň gündogaryny hem öz içine aljak görnüşde Siriýadaky howpsyz zolaklaryň sanyny artdyrmaga dowam ederis. Ýurdumyza abanýan terror howpy ortadan aýrylýança we Siriýanyň geljegine kast edýänleri dolulygyna ýok edýänçäk terrora garşy tutanýerli göreşimizi dowam etdireris” diýip belledi.

“Ilkinji kyblamyz Iýerusalimi basyp alyjylardan halas ederis. Ysraýylyň we amerikanyň hökümetiniň Iýerusalimiň mukaddeslini kemsidýän hereketlerine garşy ýokary diplomatiýa alyp bararys” diýen Prezident Erdogan Arakanly musulmanlaryň başdan geçirýän pajygasyna hem ünsi çekdi.

Erdogan “Başdan geçirilýän kynçylyklaryň çykgynsyzlaşmagynda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi ýaly halkara parahatçylygyň we durnuklylygyň hemaýatkäri bolan guramalaryň ukypsyzlygyny elbetde kabul edýäris. Şol guramalaryň umuman alnanda halkara parahatçylygy däl eýsem belli güýçleriň bähbitlerini goramak üçin hyzmat edýändigini bilýäris” diýdi.

Prezident Erdogan soňky döwürde amerikada ýaşaýan musulmanlaryň syýasat bilen ýakyndan gyzyklanmagyndan hoşaldyklaryny belledi.

Erdogan soň bolsa TÜRKEN gaznasynyň naharyna gatnaşdy.

Erdogan TÜRKEN gaznasynyň diňe Türkiýeden ABŞ-na giden talyplaryň ylmy işlerine, sosial we ylmy tagallalaryna goşant goşmak bilen çäklenmeýändigini, eýsem şol bir wagtda Türk-Amerikan jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine uly goşant goşýandygyny aýtdy.

TÜRKEN-iň naharynda eden çykyşynda musulman dünýäsiniň doganlarynyň arasyndaky gowgalar we çaknyşyklar bilen gün tertibinde esasy orun eýelemegine uly gynanç bildirýändiklerini ýatladan Erdogan, hakykatdan hem agyr günleriň başdan geçirilýändigini belledi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň DAIŞ-li we PKK-ly terrorçylara garşy geçirýän operasiýalaryny tankyt edýänler, döwlet terroryny edýän ulgamlara we hökümetlere garşy bolsa hiç hili reaksiýa bildirmeýändigini aýratyn belledi.


Etiketkalar: Idlib , Iýerusalim , Nýu-Ýork , Erdogan

Degişli Habarlar