Trabzondan 11 aýda 65 ýurda funduk eksport edildi

Funduk eksportunda Italiýa 159 million 66 müň dollar bilen birinji orný eýeledi

Trabzondan 11 aýda 65 ýurda funduk eksport edildi

 

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde Trabzondan 106 müň 35 tonna funduk eksport edildi we 760 million 216 müň 409 dollarlyk girdeji gazanýldy.

Funduk eksportunda Italiýa 159 million 66 müň dollar bilen birinji orný eýeledi.

Eksport sanawynda 113 million 128 müň dollar bilen Germaniýa ikinji, 102 million 411 müň dollar bilen Fransiýa üçünji, 61 million 809 müň dollar bilen Polşa dördünji we 44 million 381 müň dollar bilen Kanada bäşinji orný eýeledi.

Trabzonda öndürülýän funduklar Meksika, Braziliýa, Norwegiýa, Daniýa, Tunis, Täze Zelandiýa, Estoniýa, Singapur ýaly 65 ýurda eksport edildi.

 


Etiketkalar: girdeji , eksport , funduk

Degişli Habarlar